Türkmenistanda täze ýolbaşçylar bellendi: wise-premýerler, ministrler, häkimler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze ýolbaşçylar bellendi: wise-premýerler, ministrler, häkimler
Aşgabat şäher häkimligi

Geçen ýyly jemlemek boýunça anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde täze wise-premýerler, ministrler we häkimler wezipelere bellendi hem-de olaryň käbirleri wezipelerden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetinde senagat toplumyny ulag we kommunikasiýa toplumyndan aýryp, aýry-aýry ugurlar boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny belledi.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezowy ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçysy wezipesine belledi we ähli ulag we kommunikasiýa agentlikleriniň işine gözegçilik etmek boýunça oňa uly hem-de jogapkärli wezipe ýüklenilýändigini aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Şamuhammet Durdylyýew bellendi we ol Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Wise-premýer gurluşyk, senagat, gurluşyk materiallary, energetika pudaklarynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde hem-de Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işlere gözegçilik eder.

Goçmyrat Myradow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinde işlän Gadyrgeldi Müşşikow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine şol edaranyň başlygynyň orunbasary bolup işlän Durdyly Durdylyýew bellendi.

Döwlet Baştutany Çarymyrat Purçekowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Täze döredilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine Serdar Berdimuhamedow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Ezizgeldi Annamuhammedow Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine, Rahym Gandymow Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine bellendi.

Häkimleri wezipä bellemek boýunça Permanlara gol çeken döwlet Baştutany Ýaztagan Gylyjowy Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine, Ýazmuhammet Gurbanowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine, Taňryguly Atahallyýewi Balkan welaýatynyň häkimi, Şöhrat Amangeldiýewi Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

2022