Türkmenistanda gurluşyga maýa goýumlaryň möçberi artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gurluşyga maýa goýumlaryň möçberi artýar
Türkmenistanda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar.

Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada belledi.

Türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, häkimlere we beýleki ýolbaşçylara ýüzlenip, 2020-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna ünsi çekdi hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň 40 milliard manada golaýlaýandygyny belledi.

“Bu bolsa, zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz içine alýar” diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze bellenen wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewe senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak, aýratyn-da, Aşgabat şäherinde gurmak meselesini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda ýurt Baştutany “Türkmenabat – Aşgabat –Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem örän möhüm gurluşyklaryň birine degişli edilmelidigini aýtdy.

Şeýle-de türkmen Lideri Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini aýdyp, şu senäni geljekki nesiller ýatlar ýaly özboluşly desga arkaly ebedileşdirmek barada teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany iň belent ýerde 300 metrlik diňi gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de Ş.Durdylyýewe ýakyn wagtda onuň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.