“Miras” iş ugurlaryna miweçilik we bakja önümlerini goşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miras” iş ugurlaryna miweçilik we bakja önümlerini goşdy
Kärhanada guş iýminiň sagatda 10 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik bardyr.

Geçen ýylyň noýabr aýynda guş iýminiň önümçiligini ýola goýan “Miras” hususy kärhanasy şu ýyl ilkinji gezek Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda ýerleşýän öz ýyladyşhanasynda pomidor ekdi.

Hususy kärhananyň bölüm müdiri Bilbil Baýrammyradowa “Bereketli toprak” gazetine beren söhbetdeşliginde towuk etiniň önümçiliginden başga-da, 20 gektar ýerde miweli baglara ideg edilýändigini aýdyp, şu ýyl bäş gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada pomidoryň “Bandito” sortunyň ekilendigini belledi.

Kärhananyň esasy işiniň guş eti bilen üpjün etmekdigini aýdan Baýrammyradowa bu ýerde towuk etiniň ýylda iki müň tonnasynyň öndürilýändigini belläp geçdi. Bu guş eti “Türkmen towuk” haryt nyşany bilen söwda nokatlaryna iberilýär.

“Kärhanamyza ýakyn ýerde ýerleşýän, ýörite bölünip berlen 150 gektar ýerde guş iýmini öndürmek üçin mekgejöwen, bugdaý, arpa ýaly ekinleri ekdik. Ekilen däneli ösümlikler bişip ýetişenden soňra, olary ýöriteleşdirilen tehnologiýalar arkaly gaýtadan işläp, guş iýminiň sagatda 10 tonnasyny öndürýäris” diýip, Baýrammyradowa guş iýminiň taýýarlanyşy barada gürrüň berdi. “Guş iýmini öndürmek üçin zerur bolan çig malyň 80 göterimini ýerli önümler tutýar”.

Häzirki günde “Miras” hususy kärhanasy her 45 günde 200 müňden gowrak “broýler” towuklaryny öndürýär. Bu ýerde 60-a golaý işgär zähmet çekýär.

2022