Türkmen telekeçisi sebit ýurtlaryna pomidor hasylyny eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi sebit ýurtlaryna pomidor hasylyny eksport edýär
Ýyladyşhanada kokos gabygynyň garyndysynda pomidorlaryň 60 müň düýbi oturdyldy we olaryň her birinden 10-15 kilograma çenli hasyl almaga garaşylýar.

“Bäş nur” hojalyk jemgyýeti Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän ýyladyşhana toplumyndan pomidor hasylyny Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport edýär.

Ýyladyşhanasynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ulanyp, döwrebap enjamlar ulgamyny ýerleşdiren işewürler topraksyz görnüşde, kokos gabygynyň garyndysynda pomidorlaryň 60 müň düýbüni oturtdylar. Olaryň her birinden 10-15 kilograma çenli hasyl almaga garaşylýar. Bu mukdar ýyllyk 600 tonna hasyl ýygmaga mümkinçilik berer.

Pomidor düýplerini iýmitlendirmek, ýyladyşhananyň howa çalşygy we ýylylygy ýaly gözegçilik işleri doly awtomatik ulgamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar.

Ýyladyşhanada pomidor nahallary güllän döwründe tozanlandyrmak işi hasylyň deň ululykda we deň derejede ýetişmegini üpjün edýän “Bambus” arylarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde dürli kesellere garşy durnukly, süýji hasyly bilen tapawutlanýan “Bandito” sortly pomidorlar ýetişdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022