Britan kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda £1 millionlyk ylalaşyk gazanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Britan kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda £1 millionlyk ylalaşyk gazanyldy
“Andrews Bowen Ltd.” kompaniýasy häzirki wagtda günde 300-350 halta önüm gaplaýar. (Surat: "Blackpool Gazette")

Beýik Britaniýanyň “Andrews Bowen Ltd.” kompaniýasy Türkmenistandaky täze atçylyk toplumynyň çapuw ýodasyny ýörite serişdeler bilen düşär. Bu barada “Blackpool Gazette” britan gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

“Blackpool Gazette” gazetiniň maglumatyna görä, geçen ýylyň noýabr aýynda “Andrews Bowen Ltd.” kompaniýasy bilen habarlaşylyp, şu ýylyň fewral aýynda Türkiýäniň Stambul şäherinde kompaniýanyň ýolbaşçylary Saýman Bowen we Dewid Endrýus bilen türkmen wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň netijesinde taraplar kompaniýanyň 1 million funt sterling möçberinde ähli möwsüm üçin niýetlenen atçylyk aýlaw meýdançasynyň düşelgesini getirmek barada ylalaşdylar.

“Kompaniýanyň öňünde 10 müň sany bir tonnalyk haltalarda öz önümini Britaniýanyň Liwerpul şäherinden Türkmenistana çapyş möwsümine, ýagny aprel aýyna çenli ugratmak galýar” diýip, maglumatda berilýär.

“Häzirki wagtda biziň kompaniýamyz günde 300-350 halta önüm gaplaýar. 10,000 sany bir tonnalyk haltalary gaplamak bize täze mümkinçilik döreder we geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder” diýip, Saýman Bowen “Blackpool Gazette” gazetine beren beýanynda aýtdy.

“Andrews Bowen Ltd.” kompaniýasy 15 ýyldan bäri hereket edip gelýär. Kompaniýa dünýäniň ähli ýurtlaryna atçylyk aýlaw meýdançalary üçin özüniň çäge, mum we sintetiki süýüm önümlerini eksport edýär. Kompaniýa 2012-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynda Grinwiç atçylyk meýdançasyny, Hiksted şäherinde, Täze Zelandiýada, Floridada we Katarda “Ýylyň aty” şowlarynda meýdançalary düşledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022