Türkmen telekeçisi Lebap welaýatynda kombinirlenen towuk iýmini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi Lebap welaýatynda kombinirlenen towuk iýmini öndürýär
Kärhana sagatda 10 tonna kombinirlenen iými öndürmäge ukyplydyr.

“Atamyrat Aly” daýhan hojalygy Lebap welaýatynyň Farap etrabynda towuklar üçin kombinirlenen iým önümçiligini ýola goýdy.

Daýhan hojalygynyň esaslandyryjysy Ahmet Alyýew gerek bolan enjamlary satyn almak üçin ýeňillikli karz serişdelerinden peýdalanandygyny aýdyp, iýmleriň öz hojalygynda hem zerurdygyny belledi. Kärhanada iým önümçiliginde Türkiýeden we Eýrandan getirilen enjamlar oturdyldy.

Kärhana sagatda 10 tonna kombinirlenen iými öndürmäge ukyplydyr. Bu bolsa, welaýatdaky bar bolan towuk fermalaryny üpjün edip, Mary welaýatynyň towukçylaryna hem iým satmaga mümkinçilik döredýär.

Et we ýumurtga almak üçin saklanylýan towuklar üçin iým öndürilýän kärhanada jüýjeleri ösdürmek üçin hem ýörite iým taýýarlanylýar. Şeýle hem bu ýerde guşçulyk iýminden daşary mallar üçin hem iým öndürmäge girişildi.

Kärhanany çig mal bilen üpjün etmek üçin “Atamyrat Aly” daýhan hojalygy dört gektar meýdanda mekgejöwen ösdürip ýetişdirýär. Zerur ekinleri ekmek maksatly işewür Ahmet Alyýew bäş ýüz gektar meýdany uzakmöhletli kärendesine aldy we häzirki günlerde ony özleşdirýär.

Kärendä alnan ýerde ýylda 7 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubatoryň gurluşygy hem tamamlanyp barýar. Olary ýumurtga bilen üpjün etmek üçin telekeçi 28 müň “broýler” towugy saklamagy meýilleşdirýär.