Türkmen ilçisi Germaniýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi Germaniýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi Berdimyrat Rejepow ýurduň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere ynanç hatlaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepowyň çarşenbe güni ýurduň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Germaniýanyň Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan “Belwýu” köşgünde geçen dabaradan soň ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy boldy. Türkmen diplomaty Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi. 

Federal Prezident türkmen Lideriniň adyndan beýan edilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine iň ýakymly sözlerini we dostlukly salamyny ýetirmegini haýyş etdi. Türkmenistanyň tutuş halkyna bolsa, parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.  

Berdimyrat Rejepow ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. Mundan ozal diplomat Türkmenistanyň Italiýadaky (Rim şäheri), Ysraýyldaky, Ispaniýadaky, Gresiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle hem BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerinde işledi.