Üç ýyllyk türkmen kärhanasynda kyrk görnüşli şöhlat öndürilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Üç ýyllyk türkmen kärhanasynda kyrk görnüşli şöhlat öndürilýär
“Perwana” şöhlatlary sygyr we guş etinden taýynlanyp, önümleriň kakadylan, ýarym kakadylan, büzmeçe, awçy we başga-da birnäçe görnüşleri ilata ýetirilýär.

Mary şäherinde ýerleşýän şöhlat önümleri kärhanasynda “Perwana” haryt nyşanly önümiň 42 görnüşi öndürilýär.

Telekeçi Tirkişmyrat Saparowa degişli bolan bu kärhana 2017-nji ýylyň aprel aýynda işe başlady. Bu ýerde Belarusdan we Türkiýeden getirilen enjamlar oturdyldy we olarda her aý 200 tonna barabar şöhlat önümlerini çykarmaga mümkinçilik bardyr.

“Perwana” şöhlatlary sygyr we guş etinden taýynlanyp, önümleriň kakadylan, ýarym kakadylan, büzmeçe, awçy we başga-da birnäçe görnüşleri ilata ýetirilýär.

“Önümçilik üçin zerur bolan çig mal şertnama esasynda ilatdan satyn alynýar” diýip, kärhananyň önümçilik boýunça baş hünärmeni Kuwwatgeldi Geldimyradow belledi. Şeýle hem hünärmen taýýar önümleriň söwda nokatlaryna iberilmezden öň barlaghanadan geçirilýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda kärhanada 70-den gowrak adam zähmet çekýär. Işgärler döwrebap ylmyň gazananlaryny yzygiderli öwrenip, önümçilikde ornaşdyrmaga we azyk harytlarynyň görnüşlerini artdyrmaga çalyşýarlar.

2022