Türkmen hususy kärhanasy Daşoguzda gurluşyk işlerine işjeň gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy kärhanasy Daşoguzda gurluşyk işlerine işjeň gatnaşýar
“Ykjam bina” hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynda 100-e golaý bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurdy.

“Ykjam bina” hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynda 100-e golaý bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny amala aşyrdy.

Gurluşyk işleri bilen meşgullanýan kärhana 2012-nji ýylda döredilip, häzirki wagta çenli Daşoguz welaýatynyň Gülistan şäherçesinde, S.A.Nyýazow adyndaky, Ruhubelent we S.Türkmenbaşy etraplarynda ýaşaýyş jaýlaryny gurdy.

Kärhananyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Ataýew häzirki wagtda etraplarda gurluşygyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýdyp, “Kärhanamyz tarapyndan ipoteka esasynda gurulýan jaýlaryň gurluşygy üç-dört aýyň dowamynda doly tamamlanýar” diýip belledi.

“S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Şol ýerde 1496 hojalyga niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bellenilýär. Biziň kärhanamyz hem şol ýerde dört gatly ýaşaýyş jaýyny gurmaga girişdi” diýip, Ataýew belleýär. “Häzirki wagtda işleriň başlangyç tapgyry gyzgalaňly alnyp barylýar”.

“Ykjam bina” hususy kärhanasy öz iş ugurlaryny artdyrmagy hem meýilleşdirýär. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde ýyladyşhana gurmagy göz öňünde tutýan kärhana, şeýle-de dil öwrediş merkezini açmagy maksat edinýär.

2022