“Kämilligiň gözbaşy” maldarçylyk toplumynda mallaryň baş sanyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kämilligiň gözbaşy” maldarçylyk toplumynda mallaryň baş sanyny artdyrýar
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýerleşýän maldarçylyk toplumy idedýän simmental sygyrlarynyň sanyny 550-ä çykardy.

Türkmenistanyň günbatar welaýatynda maldarçylyk toplumyny guran “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýeti idedýän simmental sygyrlarynyň sanyny 550-ä ýetirdi.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýerleşýän kärhanasynda saklanýan sygyrlaryň 160 sanysy ene sygyrlar bolup, galanlary bolsa, ýaş mallardyr. Bu ýerde göleler hem-de önüm berýän sygyrlar aýry-aýrylykda saklanylýar.

Maldarçylyk toplumynyň sygyrlary sagmak üçin niýetlenen bölüminde birbada 32 sygry sagmaga mümkinçilik berýän, mehanizmleşdirilen sagym enjamy hereket edýär. Sagym mahaly süýt ýörite taýýarlanan gaba barýar we ol ýerde dessine dört derejä çenli sowadylýar.

Mallary talabalaýyk idetmek üçin gerekli ot-iým üpjünçiligini kärhana özlerine degişli 500 gektar meýdanda ösdürip ýetişdirýär. Şonuň netijesinde ýanwar aýynda sygyrlara ýorunja, saman bedesiniň 13 müň daňysy, sarunyň 50 tonnadan gowragy, kepegiň 15 müň tonna golaýy berildi.

“Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda saklanýan ähli tohum sygyrlar ýurduň howa şertlerine ýeňil uýgunlaşýarlar.

2022