1000 dükanly “LC Waikiki” şu ýyl türkmen bazaryna girmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
1000 dükanly “LC Waikiki” şu ýyl türkmen bazaryna girmegi meýilleşdirýär
“LC Waikiki” şu ýylyň 13-nji fewralynda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde 1000-nji söwda nokadyny açdy. (Surat: “PR Newswire”)

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde ýene bir söwda nokadyny açan “LC Waikiki” kompaniýasy şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň bazaryna girmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Maglumata görä, kompaniýa şu ýylyň 13-nji fewralynda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň “River Mall” söwda merkezinde 1000-nji söwda nokadyny açdy. Açylyş dabarasyna kompaniýanyň ýolbaşçysy Wahap Küçük hem gatnaşdy.

Häzirki wagtda Ukrainanyň 18 şäherinde kompaniýanyň 35 sany söwda nokady hereket edip, olarda 1000 adam zähmet çekýär. Bu açylan täze iki gatly söwda nokady Ukrainada iň ulusy bolup, onda 40 adam zähmet çeker. Söwda nokadyna goýlan maýa goýumyň möçberi 1 million ABŞ dollaryna barabardyr.

“Biz Zambiýada, Kot-Diwuarda, Ganada, Angolada, Senegalda, Wengriýada, Mongoliýada we Türkmenistanda kompaniýanyň jemi 130 sany, ýagny 15 sany Türkiýede we 115 sany daşary ýurtlarda söwda nokatlaryny açmagy meýilleşdirýäris” diýip, Wahap Küçük geljekde göz öňünde tutýan maksatlaryny mälim etdi.

“LC Waikiki” kompaniýasy 1988-nji ýylda Fransiýada esaslandyrylyp, 1997-nji ýyldan bäri türk brendi hasaplanylýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň 47 döwletde müň sany söwda nokatlary hereket edýär. “LC Waikiki” 2023-nji ýyla çenli Ýewropanyň moda senagatynda 3-den biri bolmaga ymtylýar. 2019-njy ýylda kompaniýanyň eksport mukdary pul möçberinde 1 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022