“BHK GREENHOUSE” türkmen ekerançylaryna döwrebap ýyladyşhanalary hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“BHK GREENHOUSE” türkmen ekerançylaryna döwrebap ýyladyşhanalary hödürleýär
“BHK GREENHOUSE” ýurtda döwrebap ýyladyşhanalary köpçülikleýin gurnap, ekerançylarydyr oba hojalyk ugrundan işleýän telekeçileri bu işe çekmegi göz öňünde tutýar.

Döwrebap ýyladyşhanalary gurnaýan “BHK GREENHOUSE” türkmen-türk kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde köp möçberli ekin dolanyşygynyň guralmagyny maksat edinýär.

“BHK GREENHOUSE”, ýagny “Bereketli Halal Gazanç” diýlip atlandyrylan kompaniýanyň Türkmenistandaky iş dolandyryjysy Ýalkym Meredow “Biznes Reklama” gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde türk işewürleri bilen bilelikde iş alyp barýandygyny aýtdy.

Meredow türk işewürleriniň işi gurnaýşy, esasan, Türkiýäniň ýokary oba hojalyk we ylmy okuw mekdepleriniň alymlarynyň açyşlarynyň netijeleri bilen utgaşdyrylýandygyny aýdyp, “Alymlar topragy öwrenip, haýsy ýerlerde ýyladyşhanalardan ýokary hasyl alyp boljakdygyny kesgitlänlerinden soň, göçme ekin parçalaryny gurnamak işlerini amala aşyrýarlar” diýip belledi.

Häzirki wagta çenli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hem-de Owadandepäniň meýdanlarynda göçme ekin parçaly bilen bagly tejribe geçirendiklerini aýdan Meredow, “Ol ýerlerde gurnan ýyladyşhanalarymyz bakja ekinleriniň bol hasylyny almagymyza mümkinçilik berdi” diýip sözüniň üstüni ýetirdi. “Geljekde bu işi ýurdumyzyň ähli künjeginde alyp barmak meýilimiz bar”.

“BHK GREENHOUSE” ýurtda döwrebap ýyladyşhanalary köpçülikleýin gurnap, ekerançylarydyr oba hojalyk ugrundan işleýän telekeçileri bu işe çekmegi göz öňünde tutýar. Häzirki günlerde kompaniýa gelýän sargytlaryň sany artmaga başlady.

2022