Telekeçiler senagat harytlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Telekeçiler senagat harytlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar
Turkmenistanda mebel öndürýän 74, ýuwujy serişdelerini öndürýän 10, gigiýena kagyzlary we salfetkalary öndürýän 65, gurluşyk boýaglaryny öndürýän 10 sany hususy kärhana bardyr.

Soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň içinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) hasaba alnan hususy kompaniýalaryň arasynda senagat harytlarynyň önümçiligini alyp barýan işewürleriň sany ep-esli ýokarlandy.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň berýän maglumatyna görä, ýurtda mebel öndürýän 74, ýuwujy serişdelerini öndürýän 10, gigiýena kagyzlary we salfetkalary öndürýän 65, gurluşyk boýaglaryny öndürýän 10 sany hususy kärhana bardyr.

Türkmen telekeçileri saten, bezeg we izolasiýa serişdelerini, haly önümlerini, awoulag süzgüçlerini, kolodkalary, suw gyzdyryjylary, gaz peçleri, çaga oýunjaklary we parfýumeriýa harytlaryny öndürýärler. Şeýle-de telekeçiler polipropilen torbalaryň, plasmas gap-gaçlaryň, kebşirlemek üçin elektrodlaryň, elektron töleg enjamlarynyň önümçiligini alyp barýarlar.

Döwlet tarapyndan senagat pudagynda geçirilýän hususylaşdyrylmak çäreleriniň netijesinde TSTB-niň agzalary tarapyndan birnäçe dokma kärhanalary satyn alyndy. Bu kärhanalar öz iş ugurlaryny üýtgetmezden önümçiligini dowam edýär we döwrebaplaşdyrylýar. Kärhanalarda häzirki wagtda dokama däl matalar we jorap önümçiligi ýola goýuldy.

Ähli önümler söwda nokatlaryna iberilmezden öň, döwlet standart kärhanasynyň hil taýdan barlagyndan geçirilýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda önümler TSTB tarapyndan döredilen garaşsyz barlaglardan hem geçirilip bilinýär.

2008-nji ýylyň mart aýynda döredilen TSTB Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösmegine ýardam etmäge, döwrebap telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

2022