“Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasy gurluşyk harytlarynyň önümçiligine başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasy gurluşyk harytlarynyň önümçiligine başlar
Daşoguz şäherinde häzirki wagtda “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň demirbeton zawody önümçilik işlerini alyp barýar.

“Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynda kuwwaty ýylda 3 müň kub metr bolan demirbetonlaryň, şeýle-de dürli diametrli turbalaryň önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar.

Häzirki wagtda kärhananyň beton garyşdyryjy we edara binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Desganyň umumy tutýan meýdany iki gektara golaý bolup, bu ýerde önümhana, ammarlar, awtoulaglar üçin ýapyk duralgalar we desga degişli beýleki binalar gurlar.

Demirbeton önümçiligini ýola goýmak bilen bir hatarda, “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasy umumy meýdany ýedi gektara barabar bolan ýyladyşhananyň hem gurluşygyny alyp barýar.

“Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasy welaýatyň dürli etraplarynda medeniýet merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyny alyp barýar. Geçen ýylyň iýun aýynda hususy kärhana S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 16 we 14 öýli ýaşaýyş jaýlaryň ikisini gurup ulanmaga berdi.

Häzirki wagtda ýurduň demirgazyk welaýatynyň merkezi şäherinde “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň demirbeton zawody hereket edýär. Zawodda dürli diametrli demirbeton turbalary, plitalar, penjire we gapy germewleri, lagym guýulary üçin lýuklar we beton bordýurleri öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022