Lebaply ekerançy Russiýa ilkinji hasylyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply ekerançy Russiýa ilkinji hasylyny eksport etdi
Hepdede bir gezek hasyl alynýan ýyladyşhanadan iýun aýyna çenli 250 tonna pomidor ýygylmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda telekeçi Döwlet Hojamyradow öz ýyladyşhanasynyň ilkinji hasylyndan 45 tonna pomidory Russiýa eksport etdi.

Ýyladyşhanada ilkinji ekin geçen ýylyň sentýabr aýynda ekildi. Hepdede bir gezek hasyl alynýan ýyladyşhanadan iýun aýyna çenli 250 tonna pomidor ýygylmagyna garaşylýar.

Telekeçi Hojamyradow 1.6 gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhanasynda pomidor bilen bir hatarda, ýer tudanasyny hem synag etmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin bolsa, bu ýerde ýörite bölüm göz öňünde tutulypdyr.

Döwrebap enjamlar oturdylan ýyladyşhana “Ýedi gün” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Kärhanada 18 sany işgär zähmet çekýär.

Lebap welaýatynda häzirki wagtda 30-a golaý hususy ýyladyşhanadan hasyl alynýar. Bu güne çenli ýygylan hasyllar Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan, Owganystan ýaly birnäçe ýurtlara eksport edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022