“Myradym” hususy suw howdanlarynda 50 tonna golaý balyk awlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Myradym” hususy suw howdanlarynda 50 tonna golaý balyk awlady
“Myradym” hususy kärhanasynyň suw howdanlarynda 110 sany hünärmen zähmet çekýär.

“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” we Düýeboýun suw howdanlarynda balyk awlamak bilen meşgullanýan “Myradym” hususy kärhanasy ýylyň başyndan bäri 50 tonna golaý balyk awlady. Olaryň 47 tonnadan gowragy sarp edijilere ugradyldy.

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän suw howdanlarynda kärhananyň 110 sany balykçysy zähmet çekýär. Munuň üçin bolsa ýörite gaýyklar we beýleki aw üçin zerur serişdeler bilen üpjün edilendir.

Hususy kärhana degişli suw howdanlarynda balyklaryň ak amur, lakga, tüňňi maňlaý, çapak, zagara, gara balyk, daban ýaly görnüşleriniň 10-dan gowragyna gabat gelmek bolýar.

Awlanylan balyklary saklamakda suw howdanlarynyň golaýynda her biri 30 tonnalyk iki sany sowadyjy ammar we Türkmenabat şäherinde 50 tonnalyk sowadyjy ammar hereket edýär.

“Myradym” hususy kärhanasy welaýatyň Kerki etrabynda şalyny gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyny hem alyp barýar. Hususy kärhana her ýyl 10 müň tonna şalyny gaýtadan işlemäge ukyply bolan bu toplumda şalyny arassalap, dürli gaplara gaplap, ilata ýetirmegi göz öňünde tutýar.

2022