Türkmen telekeçisi hususy fermasynda tohum mallaryny idedýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi hususy fermasynda tohum mallaryny idedýär
Maldarçylyk toplumynda mallaryň Russiýanyň saýlanan golştin we simmental görnüşleri idedilýär.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän, telekeçi Şamämet Demirowyň eýeçiligindäki maldarçylyk toplumynda 200-den gowrak iri şahly mallar we 60 sany geçi saklanýar.

Maldarçylyk toplumynyň tutýan meýdany ýedi gektar bolup, bu ýerde ýapyk agyllar we mal jaýlary, ammarlar hem-de işgärler üçin ýaşaýyş jaýlar ykjam ýerleşdirilendir. Galan ýerde bolsa, güýzki we ýazky iým önümleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Telekeçi Demirowyň aýtmagyna görä, her ýyl özleşdirilen ýerlerde güýzki bugdaý ekilip, hasyly alnandan soň möwsümleýin kösükli, bakja önümleri, şeýle hem mekgejöwen ösdürilýär. “Ýetmedik iým önümleri bolsa, satyn alynýar”.

Maldarçylyk toplumynda mallaryň Russiýanyň saýlanan golştin we simmental görnüşleri idedilýär.

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli 25 sany iri şahly mallaryň fermasy bolup, olarda 3,800-den gowrak tohum sygyrlary saklanýar.

2022