Türkmenistan Hytaý halkara import sergisine milli pawilýony bilen gatnaşýar

BT
Türkmenistan Hytaý halkara import sergisine milli pawilýony bilen gatnaşýar
9-njy Hytaý halkara import sergisinde (CIIE 2026) Türkmenistanyň milli pawilýony, 2026-njy ýylyň 5-nji noýabry, Şanhaý, Hytaý (Surat: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy)

Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilýän 9-njy Hytaý halkara import sergisinde (CIIE 2026) Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda guralan ýurduň milli pawilýony görkezilýär. Pawilýonda Türkmenistanyň dokma, himiýa, oba hojalyk we senagat pudaklarynda öndürilýän önümler, şeýle-de eksport mümkinçilikleri tanyşdyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Türkmenistanyň milli pawilýonynda sergä gelýänlere ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, maýa goýum üçin ileri tutulýan ugurlary we milli önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrylmagy ýurduň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny pugtalandyrmakda, milli önümleriň daşary ýurtlarda tanalmagyny üpjün etmekde we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Iri halkara import sergisiniň açylyş dabarasy 5-nji noýabrda “Täze eýýam – umumy geljek” şygary astynda geçirilip, dabara 30-dan gowrak ýurtdan we halkara guramalardan ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylky çäre dünýäniň 162 ýurdundan, sebitlerinden we halkara guramalaryndan wekilleri bir ýere jemläp, sergide 4 müň 100-den gowrak gatnaşyjynyň önümleri we hyzmatlary görkezilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, serginiň çäklerinde 6–7-nji noýabrda türkmen-hytaý işewürlik forumynyň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Şanhaýyň Halkara söwda palatasy tarapyndan guralýan foruma iki ýurduň döwlet edaralarynyň wekilleriniň we işewür toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumda ikitaraplaýyn söwda, senagat hyzmatdaşlygy, oba hojalygy, döwrebap tehnologiýalar, sanlylaşdyrma we ulag-logistika ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garalar. Şeýle-de duşuşyklaryň dowamynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

2022