Dünýäniň köp ýurtlary bilen bir hatarda Türkmenistan 8-nji martda Halkara zenanlar gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçýär.
Halkara zenanlar güni Türkmenistanda döwlet baýramçylyklarynyň bir hasaplanyp, şol gün dynç güni diýlip yglan edilýär. Baýramçylyk mynasybetli döwlet tarapyndan her bir zenan maşgala pul sowgady gowşurylýar.
Bu baýramçylykda Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki söwda nokatlarynyň gül bazarlarynda hereket has hem ýygjamlaşýar. Gül bilen bile zenanlara iň köp gowşurylýan sowgatlaryň ýene biri hem dürli görnüşli süýjüliklerdir. Zenanlara dürli şaý-sepler, dokma önümleri, sowgatlyk önümler, tehnologiýa enjamlary hem sowgat berilýär.
Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň ähli künjeginde zenanlar üçin konsertler we beýleki baýramçylyk çäreleri gurnalýar.
Her ýyl baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän bu baýramçylygyň öňýanynda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar. Şu ýyl hem, 6-njy martda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi.
“Ösüp gelýän nesillerimizi ata Watanymyza we merdana halkymyza wepaly, sagdyn hem-de ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde kalby mähirden doly eneleriň örän uly hyzmaty bardyr” diýlip, Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Prezidentiň gol çeken Permanynda aýdylýar. “Mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna milli däp-dessurlarymyza laýyk edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimizde agzybirligi berkitmekde olaryň bitirýän işleriniň bahasy ýokdur”.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýekşenbe gününe gabat gelýän 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta geçirmek hakyndaky Permana hem gol çekdi.
Birleşen Milletler Guramasy bu baýramçylygy 1975-nji ýylda bellemäge başlady. Gurama bu senäni öz ýurtlarynda we ýaşaýan jemgyýetlerinde ägirt uly işleri bitirýän zenanlaryň mertebesini dabaralandyrmak üçin jaýdar pursat hasaplaýar.