Rus kompaniýasy Aşgabadyň günortasynda sil suwuny sowujy desgany gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus kompaniýasy Aşgabadyň günortasynda sil suwuny sowujy desgany gurar
Russiýanyň "Wozroždeniýe" kompaniýasy Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalary gurar.

Russiýanyň "Wozroždeniýe" kompaniýasy Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalary gurar.

Rus kompaniýasy bilen desganyň gurluşygyny alyp barmak üçin Aşgabat şäheriniň häkimligine ygtyýar bermek baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni gol çekdi.

“Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna gurulmagy göz öňünde tutulýan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny we çyzgysyny geçen ýylyň dekabr aýynda hödürläpdi.

Desganyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we desgalar toplumyny 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Şeýle-de “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek maksatnamasyna goşulmaga taýyndygyny mälim edip, bu barada “Wozroždeniýe-Türkmenistan” şahamçasynyň direktory Aleksandr Petrow “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde fewral aýynda çap edilen makalasynda belledi.

Merkezi edarasy Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän “Wozroždeniýe” kompaniýasy 1988-nji ýylda döredildi. Kompaniýanyň “Wozroždeniýe-Türkmenistan” şahamçasy Türkmenistanda 2009-njy ýyldan bäri hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022