"Türkmenhowaýollary" agentligi Tatarystandan lukmançylyk üçin niýetlenen dikuçarlary satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Türkmenhowaýollary" agentligi Tatarystandan lukmançylyk üçin niýetlenen dikuçarlary satyn alar
Rus zawody şertnama laýyklykda"Mi-17-1W" we "ANSAT" kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny Türkmenistana getirer.

"Türkmenhowaýollary" agentligi Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň "Kazanskiý wertolýotnyý zawod" jemagat paýdarlar jemgyýetinden iki sany lukmançylyk üçin niýetlenen dikuçarlary satyn alar.

Dikuçarlary satyn almak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni gol çekdi.

Resminama "Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda" göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gol çekilendir.

Tatar zawody şertnama laýyklykda, "Mi-17-1W" kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny Türkmenistana getirer.

Şol bir wagtda zawod "ANSAT" kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçary, onuň ätiýaçlyk şaýlary, sarp ediş serişdeleri we zerur enjamlary bilen üpjün eder.

Şeýle hem tatar zawody şertnama laýyklykda degişli hünärmenleri okadar we dikuçarlary Türkmenistana getirer.

2018-nji ýylyň iýul aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana amala aşyran saparynyň dowamynda Kazanyň dikuçar zawody Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek hem-de dikuçar parkyny döwrebaplaşdyrmak boýunça, düzüminde barmasy kyn sebitlerde gaýragoýulmasyz kömegi bermek üçin ulanylýan “ANSAT” lukmançylyk dikuçary hem bolan, tekliplerini taýýarlapdy.

Kazan dikuçar zawody bilen hyzmatdaşlyga tarap esasy ädimleriň biri geçen ýylyň 23-nji iýunynda türkmen Lideriniň Tatarystana eden iş saparynyň dowamynda amala aşyryldy.

2022