Türkmen IT kompaniýasy ýaş hünärmenler bilen tejribesini paýlaşmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen IT kompaniýasy ýaş hünärmenler bilen tejribesini paýlaşmakçy
“Türkmen Tranzit” hojalyk jemgyýeti “Zehin” taslamasynyň çäginde halkara konsalting kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär.

“Türkmen Tranzit” hojalyk jemgyýeti (HJ) “Zehin” atly ukyply ýaşlaryň meýdançasyny döretmegi hödürleýär.

“Taslamanyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş IT hünärmenlerine biziň kompaniýamyzyň hünärmenleriniň arasynda tejribesini artdyrmaga, şeýle-de pikir alyşmaga, öz innowasion taslamalaryny durmuşa geçirmäge, täze kompaniýalary döretmekde goldaw almaga, galyberse-de, ýerli, şol sanda daşary ýurtly maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik döretmekdir” diýip, kompaniýanyň taslama-menejeri Dawud Durdyýew “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda aýtdy.

Şeýle-de gürrüňdeşligiň dowamynda Durdyýew kompaniýanyň TSTB-niň hem-de döwletiň goldamagynda we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen bir hatarda, ýurtda innowasion häsiýete eýe bolan täjirçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin IT zolaklaryny döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. “Bu taslama üçin azyndan 10 ýyl wagt gerekdir”.

Mundan başga-da, “Türkmen Tranzit” HJ “Zehin” taslamasynyň çäginde daşary ýurt halkara konsalting kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, maslahat beriş hyzmatlaryny hödürlemegi hem göz öňünde tutýar.

“Türkmen Tranzit” HJ 2010-njy ýyldan bäri döwlet edaralary, bank düzümleri hem-de hususy kärhanalary bilen bilelikde IT pudagynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirip gelýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022