“GS1 Türkmenistan” bäş ýyl bäri ýerli öndürijilere ştrih-kodlary paýlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“GS1 Türkmenistan” bäş ýyl bäri ýerli öndürijilere ştrih-kodlary paýlaýar
Türkmenistana “483” belgisi ýurduň prefiksi hökmünde (kody) berildi.

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy (TÇŞBBMG) anna güni döredilen gününiň alty ýyllygyny belleýär.

Geçen ýyllarda TÇŞBBMG milli ykdysadyýete hukuk bazar mehanizmlerini ornaşdyrmaga, Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam beriji düzüm hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy.

2015-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy GS1 (Global Standart One) ýeke-täk standartlary döretmek we ornaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň doly ygtyýarly agzasy boldy. Türkmenistana “483” belgisi ýurduň prefiksi hökmünde (kody) berildi.

Häzirki wagtda şol düzümiň alyp barýan işi arkaly Türkmenistanda öndürilýän ähli önümler ştrih-kod bilen belgilenýär.

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy 2014-nji ýylda döredildi. Guramanyň düzümine 1593 sany edara-kärhanalar girýär, olara ministrlikler, pudak edaralary, döwlet we hususy guramalar hem-de kärhanalar degişlidir.

GS1 bütin dünýäde kompaniýalara öndürijiden satyn alyja ýetirmek boýunça global ölçege getirilen standartlary we çözgütleri netijeli peýdalanmak arkaly öz telekeçilik işini ynamly alyp barmaga kömek edýän halkara guramadyr.

2022