Türkmen ekerançysy öz hasylyny gaýtadan işleýän kärhana gurmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ekerançysy öz hasylyny gaýtadan işleýän kärhana gurmakçy
“Tebigy ekin” geçen ýyl 300 gektar ýere ýeralma, 70 gektara golaý ýere sogan, 20 gektara golaý ýere käşir we kelem ekdi.

Lebap welaýatynda ekerançylyk bilen meşgullanýan “Tebigy ekin” daýhan hojalygy şu ýyl oba hojalyk ekinlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanany ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu ýerde 100-e golaý iş orunlarynyň döredilmegine garaşylýar.

2019-njy ýylda esaslandyrylan “Tebigy ekin” geçen ýylyň dowamynda 99 ýyllyk kärendä alan 953 gektar ýeriň 791 gektaryny özleşdirdi. Ekerançylar bu ýere 10-a golaý gök-bakça ekinlerini, şol sanda 300 gektar ýere ýeralma, 70 gektara golaý ýere sogan, 20 gektara golaý ýere käşir we kelem ekdiler.

Şeýle hem ekerançylar 10 gektara golaý meýdana üzümiň “Taýpy” sortunyň 12 müň düýbüni oturtdylar.

“Tebigy ekin” daýhan hojalygynda ekinleriň dürli görnüşleri boýunça iş alyp barýan alty topar hereket edýär.

Daýhan hojalygy oba-hojalyk önümlerini ýerli bazarlaryň we “Lebap miwe” önümçilik birleşiginiň üsti bilen sarp edijilere ýetirýär.

2022