Türkmenistan we BMG COVID-19-yň aralaşmagyna garşy maksatnamanyň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BMG COVID-19-yň aralaşmagyna garşy maksatnamanyň üstünde işleýär
Maksatnama Türkmenistan bilen BMG-niň, şeýle hem COVID-19 ýokanjyna garşy çäre görmek boýunça beýleki hyzmatdaşlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mehanizmlerini kesgitleýär.

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri bilelikde COVID-19 ýokanjyna garşy taýýarlygy we hereketi üpjün etmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny işläp düzdi.

Maksatnamanyň esasy maksady Türkmenistanyň Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasy we COVID-19 ýokanjyna garşy çäreleri alyp barýan guramalary bilen hyzmatdaşlygyň tertibini we mehanizmini kesgitlemekdir. Bu maksatnama, täsirli çäreleri görmek, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň gatnaşmagynda pudagara utgaşdyrmany guramak arkaly COVID-19 ýokanjynyň ýurda aralaşmagynyň öňüni almaga gönükdirlendir.

BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat beýanatyna görä, sişenbe güni geçirilen duşuşykda BMG-niň agentlikleriniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we metbugat gullugynyň wekilleri tarapyndan maksatnamanyň taslamasyna seredildi we indiki ädimler boýunça ylalaşyldy.

“Maksatnama Türkmenistan bilen BMG-niň, şeýle hem COVID-19 ýokanjyna garşy çäre görmek boýunça beýleki hyzmatdaşlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mehanizmlerini kesgitleýär” diýip, BGM-niň Aşgabatdaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa öz çykyşynda belledi. “Bu, resminama zerur bolan halatynda üýtgedip ýa-da üstüni ýetirip boljak "janly resminamadyr"” diýip, Panowa sözüniň üstüni ýetirdi.

BMG-niň aýtmagyna görä, maksatnama adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreş maksatlaryny, strategiýalaryny we hereketlerini kesgitleýär, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereketleriň utgaşdyrylmagyny we netijeliligini üpjün edýän çäreleriň düzümini hem-de jogapkärçiligiň paýlanyşyny görkezýär.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda COVID-19 ýokanjy bilen kesellän raýat hasaba alynmady.

2022