Türkmenistan ätiýaçlandyryş pudagyny döwrebaplaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ätiýaçlandyryş pudagyny döwrebaplaşdyrýar
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda ýurduň ähli künjeginde ýerleşýän 41 sany özbaşdak ätiýaçlandyryş guramalary bardyr.

Türkmenistanda emläkleriň, şahsy we jogapkärçilik ätiýaçlandyryş işlerini ýerine ýetirýän Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy häzirki wagtda müşderilere hökmany ätiýaçlandyryşyň 6 görnüşini we meýletin ätiýaçlandyryşyň 40 görnüşini hödürleýär.

Gurama tarapyndan “Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” üstünlikli ýerine ýetirildi.

Maksatnamanyň esasy maksady Türkmenistanda fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini goramakda täsirli gurallary döretmekden, şeýle-de ýurtda bu pudagy kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Fransiýanyň “AXA Group” we Germaniýanyň “Allianz SE” dünýä belli ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş guramalarynyň hyzmatdaşlyk gurmagy pudagyň has-da kämilleşmegine mümkinçilik döreder. Bu kompaniýalar “Forbs Global 2000” reýtingine görä, dünýädäki 2000 sany iri jemgyýetçilik kompaniýalaryň hataryna girdi.

Şu ýylyň 26-njy martynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda ýurduň ähli künjeginde ýerleşýän 41 sany özbaşdak ätiýaçlandyryş guramalary bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022