Mejlisde Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mejlisde Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Mejlisinde Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisinde çarşenbe güni Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Konstitusion Kanunyň taslamasy çap edilenden soň, ýurduň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan, kärhanalaryň we edaralaryň toparlaryndan, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryndan we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowşan tekliplere we belliklere seljerme berildi.

Şeýle-de maslahatyň barşynda ýurduň iki palataly kanun çykaryjy edarasynyň dörediljekdigi bilen baglylykda, häzirki wagtda hereket edýän “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky” Konstitusion Kanuna, “Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky” Kanuna, Saýlaw kodeksine hem-de beýleki birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

Konstitusion toparyň ýanyndaky iş topar geçen ýylyň güýzünde döredildi. Toparyň düzümine Milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň tejribeli hünärmenleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Ylymlar Akademiýasynyň bilermenleri, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlar düzümi, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri girýär.

2022