Eýeçiligi ynançly dolandyrmak düşünjesi näme?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýeçiligi ynançly dolandyrmak düşünjesi näme?
Eýeçiligi ynançly dolandyrmaga berilmegi oňa bolan eýeçilik hukugynyň ynançly dolandyryja geçmegine eltmeýär.

Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda dürli ugurlar boýunça telekeçiligi ýöretmek işlerinde ýa-da fiziki şahslaryň, hususy telekeçileriň eýeçiligindäki gozgalýan ýa-da gozgalmaýan emlägi dolandyrmak bilen bagly ýüze çykyp biljek bökdençlikleriň çözülmegi Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 14-nji babynda kesgitlenendir. 

Eýeçiligi ynançly dolandyrmak düşünjesi

Eýeçiligi ynançly dolandyrmak şertnamasy boýunça eýeçiligiň eýesi (bir tarap) ynançly dolandyryja (beýleki tarapa) kesgitlenen möhlet bilen gozgalýan ýa-da gozgalmaýan emlägi ýa-da ony ynançly dolandyrmak hukugyny berýär, beýleki tarap bolsa olary kabul edýär we eýeçiligiň eýesiniň bähbitleri üçin bulary dolandyrmagy amala aşyrmaga borçlanýar.

Eýeçiligi ynançly dolandyrmaga berilmegi oňa bolan eýeçilik hukugynyň ynançly dolandyryja geçmegine eltmeýär.

Ynançly dolandyryjynyň hukuklary we borçlary

Ynançly dolandyryjy ynanylan eýeçilige öz adyndan, ýöne eýeçiligi ynanyjynyň töwekgelliginiň we çykdajylarynyň hasabyna ygtyýar etmäge borçludyr. Şunda gozgalmaýan emläk babatda kadalar hereket edip, ony özünden aýyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar eýeçiligiň eýesi bilen ylalaşylmalydyr.

Ynançly dolandyryjy üçünji şahslar bilen özara gatnaşyklarynda eýeçilik eýesiniň doly ygtyýarlyklaryndan peýdalanýar. Eger ynançly dolandyryjy ynanyjynyň bähbitleriniň garşysyna onuň hususy işleri babatynda görkezmeli paýhasyny görkezmese, onda ol şu hereket bilen ýetiren zyýanyny tölemäge borçludyr.

Eýeçiligi ynançly dolandyrmak bilen baglanyşykly çykdajylary tölemek

Eger taraplaryň ylalaşygy arkaly başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ynançly dolandyryjy eýeçiligi ynanmak bilen baglanyşykly iş üçin ynanyjydan hak almaýar.

Eýeçiligi ynançly dolandyrmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylar ynanyjynyň üstüne ýüklenilýär.

Zadyň miweleri eýeçiligi ynanyjyda galýar.

Eýeçiligi ynançly dolandyrmak şertnamasynyň görnüşi

Eýeçiligi ynançly dolandyrmak şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

Eger-de şertnamanyň mazmuny gozgalmaýan emläk bolup durýan bolsa, onda ol döwlet tarapyndan jemagat reýestrinde bellige alynmaga degişlidir we şertnama bellige alnan pursadyndan başlap baglaşylan diýlip hasap edilýär.

Ynançly dolandyryjynyň jogapkärçiligi

Üçünji şahslar bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligi ynançly dolandyryjy çekýär.

BT Hukuk bölümi