Türkmenistanda ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy saklaýyş, sport, ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary Pürli Agamyradow geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde, Hytaýda koronawirusyň ýaýrandygy barada ýurda habar gelip gowşan dessine, bu ýokanjyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini hem-de gyzgynlyk ölçeýji enjamlaryň ulanylmagy bilen, döwlet serhedinde arassaçylyk-karantin gözegçiligi güýçlendirilendigini belledi.

Şeýle-de Hytaý bilen bir hatarda, amatsyz ýagdaý ýüze çykan beýleki ýurtlar bilen howa gatnawy çäklendirildi. Türkmenistanyň Prezidenti mundan beýläk hem daşary ýurtlardaky epidemiki ýagdaýy nazara alyp, zerur bolanda, şeýle çäklendiriş çärelerine düzediş girizmek barada görkezme berdi.

Mejlisiň barşynda ýurt Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Abdyýewanyň hasabatyny diňläp, metbugat we teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylaryna teleradiogepleşikleri we makalalary taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmen Lideri ilat üçin arassaçylyk meseleleri we ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada giň düşündiriş işlerini geçirmegiň hem zerur bolup durýandygyny belledi.

Hytaýda we beýleki döwletlerde koronawirusyň ýüze çykandygy sebäpli Türkmenistana dolanyp gelen we olar bilen gatnaşykda bolan adamlara lukmançylyk taýdan gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem ähli daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn duruzmak barada karar kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022