Türkmen kompaniýasy “Saraýly Group” okuwlaryna döwrebap çemeleşýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy “Saraýly Group” okuwlaryna döwrebap çemeleşýär
“Saraýly Group” kompaniýasy Türkmenistanda dürli hünärdäki adamlara öz hyzmatlaryny hödürleýär.

“Saraýly Group” kompaniýasy öz garamagyndaky “Alym saraýly” okuw merkeziniň çäginde “Altera” kompaniýasy bilen bilelikde “ACCA DipIFR” güwänamasyny almak üçin onlaýn okuwlaryny hödürleýär.

“2019-njy ýylyň başynda “Alym saraýly” okuw merkezinde onlaýn okuw sapaklary girizildi. Biz “Altera” kompaniýasy bilen bilelikde maliýe hem-de audit boýunça “ACCA DipIFR” (Diploma in International Financial Reporting) almak üçin onlaýn okuw sapaklaryny gurnaýarys” diýip, “Saraýly Group” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Nariman Kandymow aýtdy.

“"Alym saraýly" okuw merkeziniň döredilmegi girdeji almak däl-de, adamlara özlerini kämilleşdirmäge ýardam bermekdir” diýip, Kandymow gürrüňiniň dowamynda belledi. “Merkeziň diňleýjilerine dürli ýeňillikler döredilýär. Mysal üçin, geçen ýyl 50-60%-e çenli arzanladyş möwsümi hereket etdi”.

Kandymowyň aýtmagyna görä, “Alym saraýly” okuw merkezi bilen bir hatarda, kompaniýa garamagyndaky “Saraýly”, “Saraýly-hyzmat” we “Saraýly-baha” kärhanalaryň üsti bilen maliýe, audit we hünärmen saýlamak hyzmatlaryny hödürleýär.

2009-njy ýylda esaslandyrylan “Saraýly Group” kompaniýasynyň esasy maksady täze iş orunlaryny döretmekdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň düzüminde 35 hünärmen zähmet çekýär. “Biziň kompaniýamyzyň esasy gymmaty – adamlar we olaryň işe bolan höwesidir” diýip, Kandymow belledi.

“Geljekde Biz reýting kompaniýasyny açmagy meýilleşdirýäris. Reýting maglumatlaryny ilata çap görnüşinde ýörite žurnallarda hem-de internet çeşmelerinde ýetirmekçi” diýip, Kandymow geljekki maksatnamalary barada aýtdy.

“Saraýly Group” kompaniýasy Türkmenistanda hereket edýän ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryna öz hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýle hem kompaniýa dünýäde auditor kompaniýalarynyň dörtlügine girýän “KPMG” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Kompaniýa şu ýylyň 22-nji aprelinde “Berkarar” işewürlik merkezindäki koworking merkezinde “Bank ulgamy we hususy pudak” atly okuw sapagyny gurnaýar. Sapagy kompaniýanyň esaslandyryjysy Nariman Kandymow geçirer.