Seýdiniň nebit kärhanasy 135 müň tonna önümi gaýtadan işledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Seýdiniň nebit kärhanasy 135 müň tonna önümi gaýtadan işledi
Nebit önümleriniň esasy möçberi eksport edildi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) şu ýylyň ilkinji çärýeginde 135.5 müň tonna önümi gaýtadan işledi.

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän kärhanada ýanwar – mart aralygynda 68.3 müň tonna barabar benzin, 40 müň tonna dizel ýangyjy öndürildi. Nebit önümleriniň esasy möçberi eksport edildi.

SNGIZ-iň awtomatlaşdyrylmagy nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny we Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini ulanmagyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Zawodyň düzüminde 2015-nji ýylda ýyllyk 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürmäge ukyply bolan desga guruldy.

Şeýle-de SNGIZ-de 2017-nji ýylda önümçilik kuwwaty ýyllyk 500 müň tonna ýetýän ýokary oktanly benziniň önümçiligi ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022