Türkmenistan bilen BMG COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirini peseltmek çärelerini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen BMG COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirini peseltmek çärelerini öwrenýär
Duşuşykda BMG pandemiýanyň Türkmenistana ýetirip biljek durmuş-ykdysady täsirini peseltmek ugrunda Türkmenistanyň hökümetiniň gören çärelerini makullady.

Sişenbe güni Türkmenistan bilen BMG-niň COVID-19-yň Türkmenistandaky durmuş-ykdysady täsiri boýunça bilelikdäki iş topary ýurda ýokanjyň ýetirip biljek durmuş-ykdysady täsiriniň deslapky seljermesiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar. Bu barada BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasy beýan edýär.

BMG-niň we Türkmenistanyň ýurt boýunça topary tarapyndan taýýarlanan seljermäniň netijeleri duşuşykda yglan edildi.

BMG-niň beýan etmegine görä, bilelikdäki iş topary 15-nji aprelde BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirini peseltmegine garşy gyssagly çäreleri görmek barada dünýä jemgyýetçiligine eden çagyryşyndan soňra döredildi.

Iş topary ministrlikleriň we BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň wekillerinden ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda BMG pandemiýanyň Türkmenistana ýetirip biljek durmuş-ykdysady täsirini peseltmek hem-de COVID-19 sebäpli ählumumy çökgünligiň ýurtdaky ýagdaýa ýaramaz täsirini gowşatmak ugrunda Türkmenistanyň hökümetiniň gören çärelerini makullady.

Iş topary saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek boýunça çäreleri, salgyt-býujet syýasatyna gaýtadan seredilmegi, kiçi we orta kärhanalary goldamak, kömege mätäç bolan toparlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, sanly çözgütlere geçmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar gepleşikleri yzygiderli geçirmek boýunça ylalaşdylar. Iş toparynyň indiki mejlisi 2020-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ýarymyna meýilleşdirildi.

2022