Gruziýa sarp edýän ýangyjynyň 20%-e golaýyny Türkmenistandan import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýa sarp edýän ýangyjynyň 20%-e golaýyny Türkmenistandan import etdi
Şu ýyl Gruziýa ilkinji sapar adaty oktan A-91 kysymly ýangyjy Türkmenistandan import etdi.

Türkmenistan şu ýylyň mart aýynda Gruziýa benzin we dizel ýangyjynyň 16.8 müň tonnasyny eksport edip, ol importyň umumy möçberiniň 19.9%-ni düzdi. Bu barada Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesi habar berýär.

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde Gruziýa benzin we dizel ýangyjynyň 244.4 müň tonnasyny import edip, ol geçen ýylyň şu döwri üçin görkezijisinden 11.8 müň tonna (5.1%) köp boldy.

Ýurtlar boýunça maglumata görä, mart aýynda Russiýa 19 müň tonna, Türkmenistan 16.8 müň tonna, Rumyniýa 16.3 müň tonna, Azerbaýjan 9.7 müň tonna benzin we dizel ýangyjyny Gruziýa eksport etdiler.

Maglumata görä, şu ýyl Gruziýa ilkinji sapar adaty oktan A-91 kysymly ýangyjy Türkmenistandan import etdi. Bu bolsa, 2020-nji ýylyň birinji çärýegi üçin importyň umumy möçberiniň 17%-ni düzdi.

Gruziýa geçen ýylyň oktýabr aýynda uçar ýangyjynyň 100%-ni, ýagny 2.1 müň tonnasyny Türkmenistandan import edipdi.