BSGG-niň Türkmenistandaky wekili ýurtdaky karantin merkezlerine aýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BSGG-niň Türkmenistandaky wekili ýurtdaky karantin merkezlerine aýlandy
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili Paulina Karwowska

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky wekili Paulina Karwowska Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde ýerleşýän karantina üçin niýetlenen merkezlere aýlandy. Bu barada “RIA Nowosti” habar berýär.

Karwowskanyň aýtmagyna görä, Türkmenistan öz wagtynda koronawirus ýokanjynyň ýurduň çägine ýaýramagyny öňüni almakda ýokary derejedäki çäreleri gördi. Türkmen hökümeti we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bu işi jogapkärçilikli alyp barýarlar.

“Saparyň dowamynda biz COVID-19 ýokanjynyň ýurduň çägine ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyk” diýip, Karwowska aýtdy.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri bilelikde COVID-19 ýokanjyna garşy taýýarlygy we hereketi üpjün etmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny işläp düzdi. Resminamanyň esasy maksady Türkmenistana ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almakdyr.

BSGG-niň maglumatyna görä, Türkmenistanda COVID-19 ýokanjy bilen kesellän raýat hasaba alynmady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022