Türkmenistan Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleriniň alym-lukmanlarynyň geňeşini döretmegi teklip edýär

Türkmenistan Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleriniň alym-lukmanlarynyň geňeşini döretmegi teklip edýär
Türkmen Lideri pandemiýa we onuň ýaramaz netijelerine garşy göreşde ýokary derejeli hünärmenleriň ysnyşykly işlemeginiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Goşulyşmazlyk hereketiniň Utgaşdyryjy toparynyň “Biz bilelikde COVID-19 garşy” atly duşenbe güni geçirilen onlaýn sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň döwletleriniň alym-lukmanlarynyň geňeşini döretmegi teklip etdi.

Türkmen Lideri çykyşynyň dowamynda pandemiýa we onuň ýaramaz netijelerine garşy göreşde ýokary derejeli hünärmenleriň ysnyşykly işlemeginiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda ylmy diplomatiýanyň usullaryny doly derejede ulanmagyň gerekdigini aýtdy.

“Bu bolsa keseli bejermegiň we onuň öňüni almagyň usullary boýunça hemişe tejribäni, bilimleri we maglumatlary, şeýle hem lukmançylyk serişdelerini we enjamlaryny, şahsy gorag serişdelerini alyşmagy aňladýar” diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, emele gelen häzirki ýagdaýda Goşulyşmazlyk hereketi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasynda, ozaly bilen, “biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk bileleşikleriniň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr”.

Şunuň bilen birlikde Türkmen Lideri Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň hökümetlerine bilelikdäki şeýle işiň ülňüleriniň hem-de görnüşleriniň üstünde bilelikde işlemegi teklip etdi.

2022