Penşenbe güni Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Bütindünýä syýahatçylyk gurmasynyň (UNWTO) wekilleri bilen geçirilen onlaýn gepleşigiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistanda syýahatçylyk hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda ýöriteleşdirilen edara-kärhanalarynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde UNWTO-nyň geçirýän “Healing Solutions Tourism Challenge” atly halkara bäsleşigine gatnaşmagy bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Bu ählumumy çäre COVID-19 bilen baglylykda emele gelen ykdysady şertlerde syýahatçylyk işini goldamagyň netijeli çözgütlerini, şeýle hem pandemiýadan soňra pudagy dikeltmegiň innowasion usullaryny gözläp tapmaga gönükdirilendir.
Saýlanyp alnan taslamalar tutuş dünýä boýunça ministrlikleriň 150-siniň arasynda ýaýratmak üçin sanly buklede giriziler, has gyzykly pikirleriň halkara tanyşdyryş çäresi guralar. Bäsleşigiň ýeňijileri UNWTO “Innovation Network” guramasyna girmäge mümkinçilik alarlar.
Şeýle-de gepleşige gatnaşyjylar UNWTO bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmek hem-de syýahatçylyk ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmek barada teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Baş binasy Ispaniýanyň Madrid şäherinde ýerleşýän Bütindünýä syýahatçylyk gurmasy (UNWTO) 1974-nji ýylda esaslandyrylyp, ol özünde 158 ýurdy jemleýär.