Aşgabatda täze konditer kärhanasy işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze konditer kärhanasy işe girizildi
Kärhanada gatlakly kökeler, dürli huruşly kruassanlar, doňdurylan gatlakly hamyr, ýarym taýýar önümler öndürilýär.

“Gozly” hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda çörek-bulka we konditer önümlerini öndürýän täze fabrigi işe girizdi.

Kärhanada gatlakly kökeler, dürli huruşly kruassanlar, doňdurylan gatlakly hamyr, ýarym taýýar önümler öndürilýär. Olar ýurtda öndürilen undan taýýarlanyp, hojalyk jemgyýetiniň ugurdaş kärhanalarynda öndürilýän gaplara gaplanylýar.

Kärhanada Şweýsariýanyň “Rondo”, Germaniýanyň “Diosna” we “Miwe” şereketleriniň hamyr garyjy, çörek, köke bişiriji we beýleki enjamlary hem-de tehnologiýalary oturdylandyr.

Häzirki wagtda doňdurylan hamyr bilen ýarym taýýar önümler “Halk market” dükanlaryna iberilýär.

2022