Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistany ösdürmegiň Prezident maksatnamalarynyň, şeýle hem ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutany wise-premýer Baýramgeldi Öwezowyň gözegçilik edýän ugry boýunça hasabatyny diňläp, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, degişli çäreleri görmegi hem-de ulag düzümleriniň işini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmen Lideri ýylyň ahyryna çenli ýurduň ähli oba ilatyny giň zolakly internet ulgamy bilen üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip, onuň onlaýn arkaly bilimi bermäge, telelukmançylyga, döwlet hyzmatlaryna, şeýle hem elektron söwdalaryna ýol açjagyny belledi.
Milli ykdysadyýeti sanlaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny işjeň durmuşa geçirmek, şeýle hem sanly ulgam babatynda ilatyň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklar berildi.