Türkmen paýtagty Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzasy boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen paýtagty Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzasy boldy
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabat syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalara gatnaşar.

Şu ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabat syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalara gatnaşar, beýleki şäherler we guramanyň agza kompaniýalary bilen tejribe alyşar hem-de halkara tejribelerine esaslanyp syýahatçylar üçin hyzmatlary döreder we öňe sürer.

Federasiýanyň agza şäherleriniň arasyna Bankog, Budapeşt, Kair, Dublin, Gamburg, Jakarta, London, Milan, Moskwa, Sankt-Peterburg, Praga, Uhan, Sýurih we beýleki paýtagt şäherler hem-de megapolisler girýär.

Baş binasy Pekin şäherinde ýerleşýän Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy 2012-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda Federasiýa çalt depginde ösýän halkara syýahatçylyk guramalarynyň biridir.

2022