Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy wezipesine Birleşmäniň çarşenbe güni geçiren umumy maslahatynda Döwran Allamyradowiç Hudaýberdiýew saýlandy.
Birleşmäniň müdiriýetiniň sişenbe güni geçiren ýygnagynda Döwran Hudaýberdiýewiň dalaşgärligi hödürlenipdi.
TSTB-niň umumy mejlisinde çykyş eden Hudaýberdiýew wezipesine örän jogapkärli çemeleşjekdigini aýdyp, ýurduň ykdysadyýetiniň mundan hem beýläk ösmegine goşant goşmak üçin yhlasly zähmet çekjekdigini belledi. Şeýle-de ýurduň hususy pudagynyň wekillerine bolan ynamdan ugur alyp, dürli möçberdäki taslamalaryň türkmen telekeçilerine ynanylýandygyny aýtdy.
Şu ýylyň 1-nji aprelinde TSTB-niň ozalky ýolbaşçysy Aleksandr Dadaýewiň pensiýa gitmegi sebäpli, wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek Birleşmäniň başlygynyň orunbasary Hudaýberdiýewiň üstüne ýüklenipdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda Birleşme 24 müňden gowrak ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öz işini alyp barýan türkmen telekeçilerini özünde jemleýär.