Türkmenistanyň we Russiýanyň wise-premýerleri Raşid Meredowyň hem-de Alekseý Owerçugyň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde öň kesgitlenen ugurlaryň nazarda tutulmagynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerine hem seredilip geçildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň sişenbe güni bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek baradaky meseleler maslahatlaşyldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topary iki döwletiň arasyndaky ykdysady pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2003-nji ýylda döredildi.