Aşgabatda intellektual eýeçiliginiň hukuk binýadyny giňeltmek maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda intellektual eýeçiliginiň hukuk binýadyny giňeltmek maslahatlaşyldy
Maslahatda gatnaşyjylar Bütindünýä intelektual eýeçilik guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, onuň käbir resminamalaryna goşulmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni ýurtda intellektual eýeçiliginiň hukuk binýadyny giňeltmek bilen bagly meseleleri barada pikir alyşmak boýunça iş maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da Bütindünýä intelektual eýeçilik guramasy (BEIG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp orny eýeleýändigi barada bellenilip geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýurduň intellektual eýeçiligi babatda syýasatyny halkara ülňülerine we döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak maksady bilen, BEIG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, aýratyn hem onuň käbir resminamalaryna goşulmagyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň BEIG bilen hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny giňeltmek üçin bu guramanyň maglumatlary kabul etmegä ukyplary çäkli bolan adamlara çap edilen neşirleriň elýeterliligini üpjün etmek hakyndaky ylalaşygyna (Marrakeş ylalaşygy) hem-de ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma goýberýän edaralaryň hukuklaryny goramak hakyndaky halkara konwensiýasyna (Rim konwensiýasy) goşulmak meselesi giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet, Bilim, Medeniýet, Adalat ministrlikleriniň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup, onuň bilen köpugurly hyzmatdaşlyk saklap gelýär.

Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen, esasan-da Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň degişli böleginde düzgünleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022