Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugyna nämeler degişli?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugyna nämeler degişli?
Döredijilikli zähmet bilen döredilen, intellektual işiň netijesine bolan aýratyn hukuk ilki bilen onuň awtorynda ýüze çykýar.

Intellektual eýeçilik hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen, esasan-da Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň degişli böleginde düzgünleşdirilýär.

Intellektual hukuklary

Intellektual işiň netijelerine we olara deňleşdirilen indiwiduallaşdyryş serişdelerine bolan hukuklar intellektual hukuklar diýlip ykrar edilýär. Intellektual hukuklara emläk hukugy bolup durýan aýratyn hukuk, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda bolsa, emläge degişli däl şahsy hukuklar we başga hukuklar hem (eýermäge hukuk, elýeterlilige hukuk we başgalar) degişlidir.

Intellektual hukuklary we eýeçilik hukugy

Intellektual hukuklar maddy göterijä (bir zada) eýeçilik hukugyna bagly däldir, onda degişlilikde intellektual işiň netijesi ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesi beýan edilendir.

Eýeçilik hukugynyň bir zada geçmegi şol zatda ýüze çykýan intellektual işiň netijesine ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesine bolan intellektual hukuklaryň geçmegine ýa-da berilmegine getirmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

Intellektual eýeçilik hukugynyň obýektleri

Intellektual eýeçilik hukugynyň obýektlerine intellektual işiň netijeleri we özlerine hukuk goragy berilýän, olara deňleşdirilen indiwiduallaşdyryş serişdeleri degişlidir.

Şular intellektual işiň netijelerine degişlidir:

  • ylmy, edebiýat we sungat eserleri;
  • kompýuterler üçin programmalar;
  • maglumat binýatlary;
  • ýerine ýetirijilik;
  • fonogrammalar, wideogrammalar;
  • radio ýa-da telewizion gepleşikleriň ýaýlymda ýa-da kabel boýunça goýberilmegi (ýaýlymda ýa-da kabelde alyp eşitdirişiň guralmagy);
  • oýlap tapyjylyk;
  • peýdaly nusgalar;
  • senagat nusgalary;
  • seleksiýanyň gazananlary;
  • integral mikroshemalaryň topologiýasy;
  • önümçilik syrlary (nou-hau);
  • intellektual işiň Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlardaky başga netijeleri

Ýuridik şahsyň indiwiduallaşdyryş serişdelerine, önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň ýa-da hyzmatlaryň indiwiduallaşdyryş serişdelerine şular degişlidir:

  • kärhana (firma) atlary;
  • haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary;
  • harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady;
  • täjirçilik belgileri;
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda indiwiduallaşdyrmagyň beýleki serişdeleri.

Döredilen intellektual işiň netijesiniň awtory

Döredijilik zähmeti bilen şeýle netijäni döreden şahs intellektual işiň netijesiniň awtory diýlip ykrar edilýär.

Intellektual işiň netijesiniň awtoryna ‒ awtorlyk hukugy, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda bolsa, ada bolan hukuk we başga şahsy emläk däl hukuklar degişlidir.

Awtorlyk hukugynyň kepilligi

Awtoryň awtorlyk hukugy, ada bolan hukugy we başga şahsy emläk däl hukuklary aýrybaşgalanmaýar we başga birine berilmeýär. Ol hukuklardan boýun gaçyrylmagy ujypsyzdyr.

Awtorlyk hukugynyň goraglylygy

Awtorlyk we awtoryň ady möhletsiz goralýar. Awtor ýogalandan soň onuň awtorlygyny we adyny goramagy islendik gyzyklanýan adam amala aşyryp biler, awtoryň ýogalandan soň awtorlygyny, awtoryň adyny we eseriniň eldegrilmesizligini goramak ýüklenilýäniň, onuň wesýetini ýerine ýetirijiniň bellenilen halatlary muňa degişli däldir.

Intellektual işiň awtorynyň aýratyn hukugy

Döredijilikli zähmet bilen döredilen, intellektual işiň netijesine bolan aýratyn hukuk ilki bilen onuň awtorynda ýüze çykýar. Bu hukuk awtor tarapyndan şertnama boýunça başga adama berlip bilner, şeýle hem kanunda bellenilen başga esaslar boýunça başga adamlara geçip biler.

Iki ýa-da şondan köp şahsyň (şärikli awtorlyk) bilelikdäki döredijilikli zähmeti bilen döredilen intellektual işiň netijesine bolan hukuklar awtorlara bilelikde degişlidir.

BT Hukuk Bölümi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022