Hususy daýhan hojalygy Daşoguzda 1300 gektar meýdany galla üçin özleşdirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hususy daýhan hojalygy Daşoguzda 1300 gektar meýdany galla üçin özleşdirdi
“Alkyş alan gallaçy” daýhan hojalygy berlen ýeriň 1300 gektaryny bugdaýyň “Sähraýy” görnüşi üçin bölüp aýyrdy.

Daşoguz welaýatynda iň köp bugdaý ösdürip ýetişdirýän S.Türkmenbaşy etrabynyň galla önümçiligine Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýar.

Ýurduň demirgazyk etrabynyň çäginden “Alkyş alan gallaçy” daýhan hojalygyna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin 2563 gektar ýer bölünip berildi. Hususy hojalyk berlen ýeriň 1300 gektaryny döwlet sargydyna laýyklykda bugdaýyň “Sähraýy” görnüşi üçin bölüp aýyrdy. Şu ýyl ekerançylar bu ýeriň 500 gektaryna galla ekdiler.

“Alkyş alan gallaçy” hasyl ýetişdirmekde hususy traktorlaryny we dürli ýörite enjamlaryny ulanýar. Daýhan hojalygynyň hünärmenleri her gektardan 18.3 sentner hasyl almaga garaşýarlar.

Şu ýyl S.Türkmenbaşy etrabynda 28 müň gektar ýerde bugdaý ekilip, ondan 50 müň tonna galla almaga garaşylýar. “Alkyş alan gallaçy” bilen bir hatarda, “Ykbal açary” we “Mizemez ynam” daýhan hojalyklary hem etrabyň galla önümçiligine işjeň gatnaşýarlar.

“Alkyş alan gallaçy” daýhan hojalygy 2019 ýylda döredildi.

2022