Gurtly kölüniň kenary dynç alyş zolagyna öwrülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurtly kölüniň kenary dynç alyş zolagyna öwrülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gurtly kölüniň çäginde dynç alyş düzüminiň döredilmegi maksadalaýyk bolar diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde döredilýän dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany kölüň kenarynda şäher ilatynyň, şol sanda çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerine gönükdirilen döwrebap dynç alyş düzüminiň döredilmegi maksadalaýyk bolar diýip belledi.

“Bu ýerde dürli ýaşdaky adamlaryň dynç almagy üçin niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, suw attraksionlaryny hem öz içine alýan iri toplumyň gurulmagy hem-de degişli düzümleriň döredilmegi wajypdyr” diýip, türkmen Lideri belledi we ýakyn geljekde bu ýerleriň şäher ilatynyň we onuň myhmanlarynyň söýgüli künjegine öwrüljekdigini aýtdy.

Ýurt Baştutanynyň garamagyna kölüň kenarynda üç zolak boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi we bu ýerde dynç alyş düzümlerini döretmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada aýdyldy.

Hödürlenilýän taslamalaryň hatarynda tomusky çaýhanalar, azyk harytlary dükany, sport we oýun meýdançalary, ulular we çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş bassyrmalary, şeýle hem işgärler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, saglyk nokady, “Tiz kömek” ulaglary üçin awtoduralga, dynç alşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan sport meýdançalary, hyzmatlar ulgamyna degişli binalar we durmuş üpjünçiligi desgalary bardyr.

Görkezilen taslamalar bilen tanşyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de binalaryň ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyna, seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere gelýänler üçin awtoduralgalaryň gurulmagynyň we bu ugra ýolagçy awtobuslarynyň, taksileriň gatnawynyň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny hem belledi.

Döwlet Baştutany bu ýerde telekeçileriň gatnaşmagynda kottej jaýlarynyň, çaýhanalaryň, kafeleriň, restoranlaryň gurulmagy babatda teklipleri taýýarlamagy hem tabşyrdy.

Ýurt Baştutany dürli sport ýaryşlaryny guramak üçin ýörite meýdançalary taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyryp, şu maksat bilen, zerur bolan ýagdaýynda kölüň kenaryna Garagumuň altyn öwüşginli çägelerini düşemek mümkindir diýip belledi.

2022