Türkmen we gyrgyz işewür toparlary bilelikdäki kärhanalary döretmegiň mümkinçiliklerine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we gyrgyz işewür toparlary bilelikdäki kärhanalary döretmegiň mümkinçiliklerine seretdiler
Gepleşigiň dowamynda türkmen dokma önümlerini, polietileni we polipropileni eksport etmek boýunça meselelere hem seredildi.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda anna güni wideogepleşikler geçirilip, onda türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlary maslahatlaşyldy.

Onlaýn gepleşige türkmen tarapyndan Birleşmaniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew, müdiriýetiň agzalary, birnäçe bölümleriň ýolbaşçylary we gyrgyz kärdeşleri bilen gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanma bildirýän telekeçiler, gyrgyz tarapyndan Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Danil Ibraýew hem-de onuň agzalary, şeýle hem bu ýurduň premýer-ministriniň geňeşçisi Žyrgalbek Sagynbaýew gatnaşdylar.

Işewürlik gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini belläp, taraplar birnäçe geljekki ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmegiň düýp esaslary, şol sanda oba hojalyk, logistika, energo tygşytlaýjy ulgamlary boýunça maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki ýurduň tebigy baýlyklaryny özleşdirmek, hususan-da, daşy, gün panellerini we beýlekileri öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Gepleşigiň dowamynda Bilelikdäki Söwda öýlerini açmak babatynda anyk teklipler aýdyldy. Türkmen dokma önümlerini, polietileni we polipropileni eksport etmek boýunça meselelere hem seredildi.

Şeýle-de Birleşmäniň ýolbaşçysy Hudaýberdiýew penşenbe güni Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen we özbek telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine seredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022