Türkmen Mejlisiniň deputatlary parlamentariler üçin niýetlenen maslahatlar tapgyrynyň çäklerinde sişenbe güni birinji wideomaslahata gatnaşdylar. Şol maslahatlar COVID-19-a garşy durmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlandy.
Çäre Parlamentara Bileleşigi (IPU), BMG-niň Durnukly ösüş çözgütleri boýunça ulgamy hem-de Global maksatlara ýetmek boýunça parlamentariýler tarapyndan guraldy. Onlaýn mejlisiň işine dünýäniň ähli sebitleriniň döwletleriniň parlament agzalary hem-de jemgyýetçilik saglygy, ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça halkara bilermenler gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda gatnaşyjylaryň ünsi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan, Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly Konwensiýasynyň Pariž ylalaşygyndan ugur almak arkaly epidemiýa garşy göreşmegiň hem-de global ykdysadyýeti durnukly we ähli zady öz içine alýan esasda dikeltmegiň öňdebaryjy usullaryna çekildi.
Bilermenler ykdysadyýeti durnuklylyk nukdaýnazaryndan pandemiýadan öňki ýagdaýyna dikeltmek barada pikir alyşdylar.