Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda hususy daýhan hojalygynyň işi bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda hususy daýhan hojalygynyň işi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Tebigy ekin” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy. (Surat: TDH)

Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabyndaky “Tebigy ekin” daýhan hojalygyna baryp, ol ýerde işleriň barşy, hususan-da, ýeralmanyň görnüşi hem-de onuň hasyllylyk derejesi bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Rüstem Bäşimow, şu ýylyň fewral aýynda 370 gektar ýere ýeralmanyň “Gala” görnüşini ekendiklerini, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýandyklaryny aýtdy. Häzirki wagtda hojalykda 200-den gowrak adam zähmet çekýär.

Işewür ýeralmanyň bu görnüşiniň şu sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini, onuň hasyllylygynyň ýokarydygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de hasyl ýygnaýjy tehnikalar barada gürrüň edilip, bu işde iki tehnikanyň ulanylýandygy aýdyldy. Olaryň biri ýeralmanyň ýapraklaryny orýar, beýlekisi ýeralmalary topragyň ýüzüne çykarýar. Soňky işler ýygymçylar tarapyndan amala aşyrylýar.

Hasylyň döwlete tabşyrylmaly möçberinden artygy ýurduň bazarlarynda satylýar.

Döwlet Baştutany sişenbe güni Lebap welaýatyna saparyny tamamlap, ol ýerden Mary welaýatyna ugrady.

2019-njy ýylda esaslandyrylan “Tebigy ekin” geçen ýylyň dowamynda 99 ýyllyk kärendä alan 953 gektar ýeriň 791 gektaryny özleşdirdi. Ekerançylar bu ýere 10-a golaý gök-bakça ekinlerini, şol sanda 370 gektar ýere ýeralma, 70 gektara golaý ýere sogan, 20 gektara golaý ýere käşir we kelem ekdiler.

Şeýle hem hususy ekerançylar 15 gektara golaý meýdana üzüm we beýleki miweli agaçlary oturtdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022