BMG 75 ýyllygy mynasybetli onlaýn sorag-jogap alyşlyk geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG 75 ýyllygy mynasybetli onlaýn sorag-jogap alyşlyk geçirýär
BMG oktýabr aýynda 75 ýaşaýar.

Şu ýylyň 24-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasy döredilmeginiň 75 ýyllygyny belleýär.

Şu şanly wakany bellemek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bütin dünýäniň ýaşaýjylary bilen deňi-taýy bolmadyk, möçberli ählumumy gepleşikleri geçirmegi teklip etdi.

“BMG-75” ählumumy gepleşikler “Biz bilelikde öz geljegimizi gurýarys” şygary astynda şu ýylyň 2-nji ýanwarynda başlandy. Bu şygar ählumumy gepleşikleriň konsepsiýasyny we maksadyny doly we takyk açyp görkezýär. Gepleşikler hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ornunyň maslahatlaşylmagyna Ýeriň her bir ýaşaýjysyny çekmäge gönükdirilen we umumy geljegimize öz goşandymyzy goşmak üçin her birimize döredilýän ýeke-täk mümkinçilikdir.

Gepleşiklere gatnaşmaga çagyrmak bilen Baş sekretar: “Hiç bir ýurt, hiç bir halk dünýäniň çylşyrymly meselelerini ýekelikde çözmäge ukyply däldir. Biz tagallalarymyzy birleşdirmeli, diňe geplemegi däl-de, eýsem, diňlemegi hem başarmaly. Gepleşiklere hemmäňiziň gatnaşmagyňyz örän möhüm. Biz – bütin dünýädäki adamlaryň bähbitlerine gulluk edýäris. Olaryň umyt-arzuwlaryny durmuşa geçirmek üçin bize siziň pikirleriňiz, strategiýalaryňyz, teklipleriňiz gerek” diýip belledi.

Taryhyň şu özgerişli pursadynda “BMG-75” üç uly soragy berýär:

  1. Biz nähili geljegi döretmek isleýäris?
  2. Biz dogry ýoldan barýarysmy?
  3. Baglanyşygyň üzülmegine ýol bermez ýaly nähili çäre görmeli?

Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasy hemme adamlaryň pikirini eşitmekçi. “BMG-75” başlangyjy pikirleri öwrenmek boýunça ähliumumy gepleşikleri geçirmek arkaly möhüm umumy meseleleri çözmek ugrundaky halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly garaşylýan netijeleriň has çuňňur düşünilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Gepleşikleriň çäklerinde ýaşlara aýratyn üns berler.

BMG hemmeleri, aýratyn-da ýaşlary https://un75.online salgysy boýunça onlaýn sorag geçirilişige gatnaşmaga çagyrýar. Soraglaryň ýazgysy 56 dile, şol sanda türkmen diline terjime edilendir.

Gepleşikleriň barşynda beýan edilen pikirler we teklipler BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýyl geçirilýän ýygnagynyň hepdeliginiň çäklerinde ýokary derejeli çärede 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Baş sekretar tarapyndan dünýä Liderlerine ýetiriler.

2020-nji ýyl BMG tarapyndan ykrar edilen we goldanylan hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belleýän Türkmenistan üçin hem şanlydyr.