Aşgabat we Waşington gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna syn berdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Waşington gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna syn berdiler
Türkmen we amerikan diplomatlary Türkmen-Amerikan Işewürlik Geňeşiniň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem seredip geçdiler.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji gepleşigi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi Jonatan Henik gatnaşdylar.

Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şol sanda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlar, şonuň ýaly-da pandemiýa ýagdaýlarynyň durmuş-ykdysady ulgamyna ýetirýän täsirleriniň ýeňip geçilmegi boýunça bilelikdäki işlerini maslahatlaşdylar.

“Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn çarçuwasynda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy. Mundan başga-da, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasynda döredilen С5+1 köptaraplaýyn özara hereketleriň formatynda hem işjeň gatnaşyklary saklaýarlar” diýip, habarda beýan edilýär.

Pikir alyşmalarda diplomatlar Türkmen-Amerikan Işewürlik Geňeşiniň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem seredip geçdiler.

Koronawirus zerarly ýüze çykan häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, türkmen tarapy amerikan kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň güýzünde wideokonferensiýa arkaly işewürler gepleşiginiň geçirilmegini teklip etdi.

2022